Siz köplenç uzak aralyklara gitmeli bolýarsyňyzmy? Irden Londonda duşuşykda bolup, giçlik eýýäm Nissada iş soraglaryny çözmeli bolýarsyňyzmy? Gatnaw awiasiýasy gerekli tizlik bilen üpjün edip bilmeýärmi? Onda size hökman hususy uçar gerek!

Iň oňat çykalga Honda Aircraft Company ýapon kompaniýasynyň görnüşleridir.

HondaJet, awiasion tehnikasynyň iň täze döremesi hökmünde, syýahatda rahatlygy, tizligi we ykjamlygy halaýan iş adamlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy.

Hondajet – hususy awiasiýada täze açylyş

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortasynda, uly bolmadyk senenama sahypasynda ýönekeý ruçka bilen bellik edilen ganatynyň üstünde hereketlendirijisi bolan jetleriň ideýasynyň, ýönekeý pikir bolmakdan proýektirlemeden, barlaglardan geçip, gutarnykly görnüş hökmünde awiasiýa bazaryna Cessna, Gulfstream , Bombardier we Embraer ýaly öňdebaryjy oýunçylara saýlaw hökmünde bäsdeş çykmaklygyna ynanmak örän kyn. Ýöne bu bolup geçdi, we oňa birnäçe sebäpler bar.

Ýaponlar özleriniň islendik önümlerine örän jikme-jik çemeleşýärler. Bu sebäpden HondaJet diňe bir üýtgeşik bolman, eýsem, örän ygtybarly uçar boldy.

Jetiň gurluşy işlenen we oýlanyşyklydyr:

  • hereketlendirijiler göteriji ganatlara çykarylan, bu bolsa öz gezeginde gabaranyň wibrasiýasyny peseldýär we salonyň ses-izolirlemesini konstruksion gowulaşdyrdy;
  • metal sahyp bilen kakylan berk alýumin ganatlar turbulent hapalanmasyndan minimal ýitgi bilen ýokary göteriji güýje eýedir;
  • uçaryň gabarasy kompozit materiallardan ýerine ýetirilen, bu bolsa önümçiligi ýokarlandyrýar we uçaryň uçuş daşlygyny ýokarlandyrýar;
  • jet tizligini 780 km/sag ýokarlandyrmaga, 13000 metr kreýser belentligine galmaga (bu bolsa köp basdaş görnüşlerde ýokdur) we ýangyç guýulmagyndan ozal 2200 kilometr aralygy geçmäge ukyplydyr.
  • HondaJete uçmak üçin 1200 metr we 1000 metrden hem az aralyk gonmak üçin gerekdir;
  • Garmin 3000 awionikasy uçaryň ýangyç derejesini, salondaky temperaturany we elektroulgamyň akkumulýator batareýalarynyň zarýad derejesine çenli ähli bolup geçýän zatlary dolandyrmaga mümkinçilik döredýär.

Ýolagçylaryň rahatlylygy üçin uçary gurujylar ähli zatlary göz öňünde tutupdyrlar.

Uçar 4 sany ýolagçynyň ýokary derejeli rahatlygy bolan kürsilerde ýerleşdirilmegine niýetlenendir. Kürsiler biri-birine garşy goýlan we gerek bolan ýagdaýynda ýolagçylaryň aýaklaryny uzatmak üçin erkin giňişligi ýokarlandyryp gyra hem öwürmek mümkin. Ýygnalýan iş stoly bolsa salonyň düzülişine işjeňligi goşýar we ýolagçylara wagtlaryny peýdaly geçirmek üçin mümkinçilikleri döredýär (günortanlyk edinmek, işlemek we ş.m.).

Siziň ýanyňyz bilen alan telefonlaryňyz we enjamlaryňyz üçin tokdürtgüçleri (rozetkalar) göz öňünde tutulypdyr.  Bort aşhanasynyň (ýolagçy bölegi we uçarmanlaryň kabinasynyň aralagynda) ýanynda ýerleşýän şkafa bolsa, giňişligi doldurmazlyk üçin ownuk zatlary ýerleşdirip bolar. Şeýle hem, akar suwly nowasy bolan hajathana otagy göz öňünde tutulandyr. Bularyň üstüne, salonyň ýagtylanşyna baglylykda garalýan illýuminatordaky elektrohrom aýnalar hem uçuşa ýene biraz rahatlylygy goşýar.

Goşmaça bonus hökmünde internet, radio-kabul ediji we audio-wizual ulgamyň ornaşdyrylmagy (ylalaşyk boýunça) goşulýarlar.

Bular HondaJet uçarlarynyň iň esasy (göz-görtele) aýratynlyklarydyr. Ýöne bortdaky ýolagçylaryň howpsuzlygyny we rahatlygyny üpjün edýän, howa gämisiniň gurluşynyň görünmeýän böleginde ýene näçe innowasion täze girizmeler gizlenendir. Olar hakynda Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň hünärmenleri bilen habarlaşyp bilip bilersiňiz.

Buýurma üçin Aviav TM menejeri bilen nähili habarlaşmaly?

Bu örän aňsat! Size oňaýly bolan islendik görnüşde – elektron poçta, internet sahypada buýurma görnüşi, ýazyşmagyň üsti bilen, telefon jaňy ýa-da Viber, WhatsApp we Telegram ýaly messenjerleriň üsti bilen (+33629961135). Biziň hünärmenlerimiz hemişe ulgamda. Eger-de bir sebäbe görä siz edil häzir gürleşip bilmeýän bolsaňyz, onda sms-de size oňaýly bolan wagty görkeziň, kompaniýanyň işgäri size şol wagt jaň edip biler. Şeýle hem siz jeti satyn almak bilen baglanyşykly ähli jikme-jik maglumaty biziň hünärmenlerimizden bilip we howa gämisi hakynda has doly maglumaty (şol sanda jikme-jik tehniki häsiýetnamany) sorap bilersiňiz. Ylalaşyk baglaşylmakdan bärki işleriň ählisini online görnüşinde ýerine ýetirip bolar. Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň häzirkizaman talaplary bilen aýakdaş gidýändigini bellemelidiris – buýurmany hasaba alnyşynyň ähli tapgyrlarynda siziň şahsy bolmagyňyz hökmany däldir. Ylalaşyk daş aralykdan baglanylyşyp, elektron goly bilen gol çekilip bilner.

Görşüňiz ýaly ähli zat ýeňil – esasy zat siziň HondaJeti almak islegiňizdir! Bir kiçiräk sorag galdy – näme üçin Aviav TM?

Bize ynanýarlar!

Köp sanly müşderiler Aviav TM (Cofrance SARL) saýlaýarlar. Munuň üçin esaslar bardyr:

— rahatlyk. Kompaniýanyň dünýäniň ýüzlerçe ýurtlarynda wekilhanalary bar. Siz olaryň iň ýakyndakysy bilen habarlaşyp bilersiňiz;

— tejribe. Cofrance SARL awiasion enjamlarynyň bazarynda köp wagtdan bäri hereket edýär, biziň hünärmenlerimiziň bolsa köp sanly şowly ylalaşyk tejribeleri bar;

— abraýly halkara gurmalary bilen hyzmatdaşlyk, şol sanda :  Wyvern Ltd. (uçuşlaryň howpsuzlygy),  ARGUS International (audit),  EBAA (Ýewropanyň Işewürlik Awiasiýa Assosiasiýasy), NBAA (Milli Işewürlik Awiasiýa Assosiasiýasy);

— geljek üçin iş. Honda Aircraft Company özüniň önümçilik kuwwadynda HondaJetiň birbada birnäçe gabarasyny döretdi, bu bolsa uçaryň siziň islegleriňize görä enjamlaşdyrylmasy bilen gurluşyk işini tizleşdirýär. Aviav TM (Cofrance SARL) Ýewropa dellalylynyň hünärmenleri bolsa, size geljekki howa gämisiniň konfigurasiýasyny we tehniki enjamlaşdyrylmasyny, şeýle hem öndüriji bilen hyzmatdaşlygyň iň oňaýly görnüşini saýlamaga ýardam ederler;

— tehniki goldaw we týuning. Biz uçarlary diňe bir satmak bilen meşgullanmaýarys! Öndüriji bilen ykjam hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň esasynda biziň kompaniýamyz doly derejeli tehniki goldawy we müşderi jetleriniň uçuş wagtynda hyzmat edişi we meýilnamalaýyn durkuny täzelemegi gurnar. Bu týuningi ýerine ýetirmäge hem mümkinçilik döredýär (salony we beýleki gurluşlary);

— biz gije-gündiz zähmet çekýäris;

— wagtynda ýerine ýetirmek. Ol biziň alyp barýan ähli işlerimizde, ylalaşygyň ähli tapgyrynda, berk hasabatnamalarda öz beýanyny tapýar.

— maksimal gizlinlik we ylalaşygyň ýuridiki taýdan arassalygy;

— hökmany ätiýaçlandyryş;

— biziň hemişeki müşderilerimiz üçin bonus hökmünde kredit ulgamy.

 

Müşderi hakynda alada – biziň esasy wezipelerimiziň biri! Biz edil häzir siziň jaňyňyza garaşýarys!

Забота о клиенте – одна из главных задач компании! Мы ждём вашего звонка прямо сейчас!